"Asman Oky" hojalyk jemgyýeti tarapyndan taýýarlanylan we ulanyşa göýberilen AŞTU Android we iOS üçin programmalar. Bu programmalar arkaly Aşgabat şäher telefon ulgamynyň müşderileri öz şahsy otagyna girip, peýdalanýan hyzmatlarynyň sanawyny, tölegleriniň taryhyny görip bilerler. Programma iki dilde taýýarlanylyp, Altyn asyr plastik kartlary arkaly töleg etmek hyzmaty hem ýola goýuldy. Programmalar häzirki wagtda hem kämilleşdirilýär.