«Türkmendemirýollary» agentliginiň onlaýn bilet ulgamy akylly telefonlar üçin iOS we Android programma görnüşinde hem taýýarlanyldy. Elektron bilet satyn almak isleýän ýolagçy programmada görkezilen şahsy we bank maglumatlary girizenden soňra gysga wagtyň dowamynda elektron biletlerini satyn alyp bilerler.

Bu programmalarda bilet almagy tizleşdirmek we syýahatlaryňyzy ýatda saklamak maksatly alynan biletler we ýolagçylaryň maglumatlary programmanyň içinde jemlenilýär.