Kassirler we dolandyryjylar üçin niýetlenilen programma. «Türkmendemirýollary» agentliginiň kassirleri we dolandyryjylary üçin taýýarlanylan programma bilen kassa, hasabatlar bölümi we dolandyryş has hem ýeňilleşdirildi.






Taýýarlanylan programma arkaly her bir stansiýanyň we şol sanda kassiriň gündelik, hepdelik we aýlyk näçe bileti, kimlere, haçan satandygy baradaky maglumatlar elýeterli edildi.

Kassirleriň işlerini ýeňilleşdirmek maksatly ozal ýolagçy elektron bilet satyn alan bolsa ýolagçynyň maglumatlary ýörite maglumat merkezine ýygnalýar we diňe pasport belgisi ýazylan ýagdaýynda beýleki gerek bolan maglumatlar awtomatiki usulda çykarylyp kassirleriň işleri ýeňilleşdirilýär we kassa nobatlary azaldylýar.

Şeýle-de, dolanduryjylar üçin ençeme goşmaça programmalar, ýagny, umumy näçe bilet satylanyny görkezýän ekran, nagt we nagt däl hasaplaşyk arkaly alynan biletleriň sanawyny görkezýän, kassa we onlaýn satyn alynan biletler barada hasabat berýän kömekçi programmalar toparymyz tarapyndan taýýarlanyldy.