Ýolagçy gatnawlarynyň elektron biletler ulgamyna degişli bolan esasy maglumatlar binýadyny döretmek işleri ýerine ýetirildi. Bu programma üpjünçiligi arkaly otly gatnawlary, otlynyň ýol kartasy, nyrhnamalar, stansiýalar, kassirleriň hasaplary we beýleki maglumatlar bir programmadan dolandyrylýar. Açyk görnüşdäki maglumatlar bolan ekranlary paýlaşýarys.






Her otly gatnawy aýratynlykda dolandyrylýar. Ugraýan stansiýasy, barýan stansiýasy we marşrudy bilen bilelikde döredilýär. Otlynyň ugraýan wagty, ýoluň dowamlylygy, uzynlygy we barýan wagtlary programma arkaly hasaplanýar.

Otlyda her gün ugraýan wagonlar, olaryň görnüşleri we ýerleriň shemasy döredilýär. Şeýle hem wagonlary wagtlaýyn doňdurmak we satlyga çykarmak aýratynlygy administratorlar üçin elýeterli.

Sorag-jogap gullugynda we wokzallarda ýerleşdirmek üçin niýetlenen TV dashboardlar. Belli bir ugur boýunça, haýsy otly gatnawynda wagonlara görä boş ýerleriň sany görkezilýär. Mysal üçin Aşgabat-Baýramaly aralygynda 23.09.2019ý senesinde 103 sany Küpe orunlarynyň boşdygy görkezilýär.

Otly gatnawynyň ugrunda durýan stansiýalary we olaryň aralyklary aýratyn döredilýär.