Ýolbelet enjamlary üçin taýýarlanylan programma ýörite QR skanerli Android platformasynda işleýän enjamlara ýerleşdirildi. Programma bilen ýolagçy maglumatlaryny we еlektron bilediň hakykylygyny QR kod arkaly anyklamak mümkin.






Ýolbelet öz hereket edýän ugrunyň ýolagçylaryny çalt we ygtybarly hasaba almak işlerini içerki tor arkaly APN ulgamyndan enjama iberilýän maglumat merkeziniň üsti bilen amala aşyrýar.

Elektron bilediň dogrylygyny barlamak doly offline görnüşinde amala aşyrylýar we ýolbeletleriň tor baglanşygynyň bolmadyk ýagdaýynda hem ýolagçylaryň biletlerini barlamaga we otla mündirmek işlerini ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bar.

Elektron biletleriň ählisinde ýerleşdirilen we ýörite şifrlenen QR kody skanirlemek arkaly, offline görnüşinde ýolagçy we gatnawa degişli maglumatlary almak we bu maglumatlaryň dogrylygyny barlamak mümkin. Bu tehnologiýa arkaly elektron biletleriň galp usullar bilen ýasalmagy ýa-da ýolagçynyň maglumatlarynyň üýtgedilmeginiň hem öňi alyndy.

Ýolbeletler üçin programma üpjünçiligini ulanmak boýunça seminarlar we görkezmek çäreleri geçirilip, şeýle hem tehniki maglumatlary we ulanyş boýunça goldanma şeklinde iki dilde kitapçasy hem taýýarlanyldy.