"Asman oky" hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri "Türkmendemirýollary" agentligi üçin elektron bilet we dolandyryş ulgamyny ilatymyza elýeterli etmegiň uly şatlygyny ýaşaýar.

Bu taslama toparymyz tarapyndan amala aşyrylan uly taslamalaryň hatarynda bolup, ençeme tapgyrlaryň we birnäçe programmalaryň taýýarlanmagy bilen netijelendirildi.

Bu sahypada Türkmendemirýollarynyň resmi internet saýdy barada giňişleýin maglumatlar size ýetirilýär. Saýdyň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin railway.gov.tm sahypasyna girip bilersiňiz.






Baş sahypasynda ýolagçylar üçin möhüm bolan maglumatlar ýerleşdirildi. Şeýle-de baş sahypadan onlaýn bilet almak ýola goýuldy. Baş sahypada onlaýn bilet satyn almak, mobil programmalardan peýdalanmak barada hem gollanmalar elýeterli.

Onlaýn bilet alýan ýolagçylar syýahat etmek isleýän wagtyna, syýahat etmek isleýän ugruna elektron biletleri satyn alyp bilerler. Ulgamda ýolagçylaryň has komfortly syýahat etmekleri üçin isleýän wagon görnüşlerinde isleýän ýerlerini saýlamaklary hem elýeterli edildi. Syýahat etýän ýolagçylar soralýan maglumatlary doldurandan soňra olaryň elektron biletleri email salgylaryna iberilýär.

Türkmendemirýollarynyň bilet ulgamynda täze eýýam! Ençeme ýyllar bäri ulanylýan has çykdajyly, has azaply we köneçil biletiň ýerine döwrebap, çalt we ynamly elektron bilet ulgamy. Elektron biletlerde ýolagçynyň şahsyýetini anyklaýan resminamasyndaky maglumatlar bilen birlikde biletiň ýasama däldigi tassyklaýan QR kod hem ýerleşdirilen. Elektron biletleriň maglumat bazasy ýolbeletleriň elindäki enjamlarda hem jemlenýär. Elektron bilet satyn alan adamlaryň biletleri kagyza çap etmek zerurlygy hem aradan aýyryldy.

Taýýarlan web saýtymyzyň iň esasy aýratynlyklaryndan biri hem dowamly düzümindäki soraglary tazelenýän köp soralýan soraglar bölümidir. Bu bölümde 7x24 tehniki goldaw merkezine ýolagçylar tarapyndan gelip gowuşýan iň köp soralýan soraglaryň jogaplary bäş kategoriýada ýerleşdirildi. Köp soralýan soraglar bölüminden ýolagçylar online tölegler, biletleri çalyşmak, biletleri yzyna gaýtarmak, gatnawlar we wagonlar bilen bagly soraglaryna jogap taparlar.

Gatnawlar sahypada stansiýalaryň aralyndaky uzaklyk we ähli belgidäki otly gatnawlarynyň stansiýalardan geçýän sagatlaryny görmek mümkin. Web saýtyň içinde stansiýalaryň ýerleşýän ýerleri hakynda maglumat maksatly interaktiw karta hem ýerleşdirildi.