Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan 2018-nji ýylyň 10-12-nji oktýabr aralygynda Aşgabat şäherinde Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2018» atly XI halkara sergisi geçirildi.

Biziň toparymyz bu sergä "Çäksiz Çözgütlere Syýahat" atly döwrebap konsepsiýasy bilen gatnaşdy. Toparymyzyň hünärmenleri "Asman Oky" HJ tarapyndan alynyp barylýan işler hakynda sergä gatnaşyjylara maglumat berdiler. Durmuşa geçiren taslamalarymyz hakynda taýýarlanylan wideo prezentasiýalar we wizual maglumatlar tomaşaçylaryň ünsüni çekdi. Serginiň netijesinde toparymyz ýerli we daşary ýurtly kompaniýalardan ençeme hyzmatdaşlyk teklibi aldy.

"Asman Oky" HJ bilen çäksiz Çözgütlere Syýahat atly konsepsiýanyň mazmuny:

Ýükle PDF